Ford dünýä boýunça 3000 işgärini işden çykarar

  • 25.08.2022 15:51
  • 7.9k+

Amerikan awtogiganty Ford 3000 işgärini — ştatdakylardan hem, şertnama boýunça işleýänlerden hem gysgaltmagy meýilleşdirýär diýip, Reuters habar berýär.

Kompaniýa işiniň gurluşyny üýtgetmek we elektrokarlaryň bazarynda Tesladan öňe geçmek maksady bilen şeýle ädimi ädýär.
Demirgazyk Amerikanyň we Hindistanyň zawodlarynda iň köp köpçülikleýin gysgaltma bolar.
Forduň baş direktory Jim Farli häzirki wagtda ulag öndürijiniň elinde elektromobiller we sanly hyzmatlar ulgamyndan ýeterlik derejede baş çykarmaýan gaty köp adam işleýär diýip hasaplaýar.
Işinden, esasan, içinden ot alýan hereketlendirijili ulaglar bilen meşgullanýan işgärler gitmeli bolarlar, ýöne Jim Farli gysgaltma kompaniýanyň ähli bölünmelerine-de galtaşar diýip duýdurýar.
Ford soňlugy bilen elektrokarlaryň giň hataryny we olaryň programma üpjünçiligini işjeň işläp taýýarlamagy meýilleşdirýär.
Bu ýyl Teslanyň girdejisi Forduň görkezijilerinden ýokary boldy, şunuň bilen bagly ýolbaşçylar çykdajylary gysgaltmak kararyna geldiler.


düýn 23:40
412

Gazagystanda Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky orden döredildi

​Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew «Hoja Ahmet Ýasawy» (Қожа Ахмет Ясауи) atly täze döwlet ordenini döretmek baradaky Permana gol çekdi. Bu sylag türki dünýäsiniň beýik akyldary, sufizmiň türki......

düýn 16:01
9k+

Türkmenistanda daşary ýurtlulary, raýatlygy bolmadyk şahslary hasaba almagyň tertibi üýtgedi

Türkmenistanda «Migrasiýa hakynda» Kanunyň daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary Döwlet migrasiýa gullugynda hasaba almagyň tertibini düzgünleşdirýän 12-nji maddasyna üýtgetmeler we goşmaçalar......

düýn 15:50
4k+

Holliwudyň 2026-njy ýylda iň köp hak tölenýän aktýorlary yglan edildi

ABŞ-nyň kinoteatr eýeleri Holliwudyň 2026-njy ýylda iň köp girdeji gazanjak aktýorlarynyň atlaryny aýtdylar....

düýn 15:38
2.2k+

Emir Teýmiriň 690 ýyllygyna altyn we kümüş teňňeler çykaryldy

Özbegistanyň Merkezi banky beýik serkerde Emir Teýmiriň doglan gününiň 690 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik teňňelerini we sowgatlyk toplumlaryny dolanşyga goýberdi....