Ýaponiýada täze Toyota Sienta bilen tanyşdyrdylar

  • 24.08.2022 17:07
  • 18k+

Toyota Motor kompaniýasy Sienta kompaktwenasynyň üçünji nesli bilen tanyşdyrdy. Bu barada 23-nji awgustda Drom portaly habar berdi.

Üçünji generasiýanyň Sientasynyň gurluşynyň esasynda TNGA GA-B modul şassisi ýatýar. Baza konfigurasiýasynda salonyň bäş orunlyk komponowkasy bar, üstüne pul goşsaň 7 orunlygy hem teklip edilýär. Salonda smartfon üçin lotok, torba üçin gaňyrçak, gazly içgileri saklaýjy bar. Öňki oturgyjyň arkalygyna USB-portlar hatarlanyp goýlan.
Täze Toyota Sienta-nyň toplumyna ýarymawtopilot Toyota Teammate girýär. Ol adam gatyşmazdan, dest tigrini dolandyryp, geçirijini tizleşdirip, tormoz berdirip we onda-oňa geçirip bilýär. Mundan hem başga, ulagda Advanced Park ulgamy bar, onuň kömegi bilen ulag sürüjisiz özbaşdak togtap bilýär.

Toyota Sienta XP210-yň standart toplumyna kuwwaty 120 at güýjüne deň bolan, benzin bilen işleýän bir ýarym litrlik motor oturdylan. Ol wariator bilen sazlaşýar.
Ulagyň gibrid görnüşi hem bar, onda benzinli motor elektrohereketlendiriji bilen sazlaşýar. Ulagyň herekete getirijisi öňdäki hem bolup bilýär, E-Four ulgamly doly hem bolup bilýär (typançak ýollarda pes tizlikde sürlende ugralan pursady ýa-da sürlüp barýarka işledilýän yzky okdaky aýratyn elektromotor). 
Ýaponiýada benzin modifikasiýaly täze Sienta-nyň başlangyç bahasy 1 950 000 ýen.


16.06.2026 09:57
5.7k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......