Maliýe «feýr-pleýi» bozandygy üçin UEFA «PSŽ» bilen «Marsele» temmi berer

  • 21.08.2022 20:30
  • 11k+

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA)  maliýe "feýr-pleýini" bozandygy üçin «PSŽ» we «Marsel» fransuz klublaryna temmi berer. Bu barada anna güni  L'Equipe fransuz gazeti habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Soňky üç maliýe ýylynyň içinde 30 mln ýewrodan geçýän ýitgileri üçin UEFA-nyň klublara maliýe gözegçiligini amala aşyrýan edarasy geçen ýylyň iýunyndan bäri Pariž klubuny göz astyna alýar diýip, habar berilýär. L'Equipe-niň belleýşine görä, "Marseliň" ýitgisiniň möçberi o diýen uly däl.
Fransuz klublarynyň ikisine hem beriljek temmi maliýe häsiýetli bolar. Klublar, has çynlakaý sanksiýara sezewar edilmez ýaly, indiki üç möwsümde ýagdaýy düzetmeli bolarlar.
Geçen möwsümiň jemleri boýunça «PSŽ» Fransiýanyň çempiony boldy, «Marsel» bolsa ikinji ýeri eýeledi. Toparlaryň ikisi hem 2022/23 möwsümiň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda çykyş ederler.


düýn 10:10
5k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

29.04.2026 09:59
6.4k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4.3k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 14:43
9k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....