«Jon Wik 4» franşizanyň iň uzak dowam edýän filmi bolar

  • 13.08.2022 09:49
  • 13k+

«Jon Wik» franşizasynyň režissýory Çad Stahelski golaýda Collider neşiriniň žurnalisti bilen gürrüňdeş boldy. Şonda ol dördünji bölümiň beýleki bölümlere garanda iň  dowamly boljagyny aýtdy.

Filmi goýujynyň sözlerine görä, bölüm hakykatdanam iň dowamlysy bolar, ýöne aşa uzak hem däl. Üstesine, häzir filmiň soňky wersiýasynyň ahyrky işleri dowam edýär.  Ol beýleki üç filme garanda dowamlyrak, ýöne aşa uzak hem däl. Biz häzir işlerimiziň soňky tapgyryny ýerine ýetirýäs, Soňra VFX ederis we sazyny işläris. Ýogsa-da, häzir özümizde bar saz göwnümize ýaraýar. Dogrusy, film taýýar diýseňem boljak, bize ýene iki hepdejik wagt gerek.  

Filmiň ilkinji görkezilişi 2023-nji ýylyň 24-nji martynda bolar diýip garaşylýar. Filmde Kianu Riwz, Lorens Fişbýorn, Lens Reddik, Hiroýuki Sanada, Donni Ýen, Rina Sawaýama we başgalar oýnadylar. 

düýn 23:57
202

Aşgabatda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi

17-nji dekabrda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen mejlise türkmen we awstriýa tarapyndan toparyň agzalary gatnaşdylar...

düýn 23:22
237

Silent Hill f oýny The Horror Game Awards 2025 dabarasynda «ýyllyň horrory» boldy

Silent Hill f kompýuter oýny The Horror Game Awards 2025-de dört baýrak alyp, dabaranyň esasy ýeňijisi boldy. Taslama «Ýylyň horrory» hökmünde baş tituly aldy. Şu ýyl dabara tomaşaçylaryň gatnaşmagynda ýüzbe-ýüz geçirildi...

düýn 23:14
967

Müsüriň Aýn-Sohna porty dünýäde iň çuň emeli duralga diýlip ykrar edildi

Müsürdäki Aýn-Sohna porty gury ýerde döredilen dünýäde iň çuň emeli port akwatoriýasynyň eýesi hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Duralganyň çuňlugy 19 metre barabar diýip, Al-Ahram Establishment habar berýär...

düýn 23:03
603

OpenAI täze ChatGPT Images surat generatoryny işe girizdi

OpenAI kompaniýasy tekst beýany boýunça surat döretmek we redaktirlemek üçin GPT-5.2-niň esasynda täze ChatGPT Images modelini işe girizdi. Esasy maksat jikme-jiklikleri saklap, suratlary mümkin boldugyndan hakyky ýaly etmekden ybarat...