Samsung smartfonlaryny indi özbaşdak bejerip bolýar

  • 04.08.2022 12:17
  • 23k+

Samsung we iFixit Galaxy S20-niň, S21-niň we Tab S7 Plus-yň eýelerine öz smartfonlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almaga we özbaşdak bejermäge mümkinçilik berýän abatlaýyş maksatnamasyny işe girizdi.

Agzalan maksatnama boýunça abatlaýyş işleriniň görnüşleriniň çäklidigini bellemek gerek. Şol bir wagtda, Samsung welin gurluşlarynyň sanawyny we abatlaýyş işleriniň hilini geljekde giňeltmegi meýilleşdirýär.
Samsung-yň berýän maglumatlaryna görä, ulanyjylar ekrany, yzky aýnany we zarýadkanyň portuny çalyşmak üçin bölekleri we gurallary satyn alyp bilerler. Kompaniýanyň bahalar barada aýtmagyna görä, ulanyjylar ätiýaçlyk şaýlary üçin «abatlaýyş boýunça hyzmatlary hödürleýänleriň" töleýän puluny tölär diýip belleýär. Mysal üçin, S20-niň displeýini ýygnamak 199,99 dollara düşer.


19.11.2025 12:27
1.2k+

Samsung 90Hz ekranly we Dolby Atmos dinamikli elýeterli Galaxy Tab A11+-y çykardy

Samsung sentýabr aýynda satuwa çykarylan has amatly bahaly Galaxy Tab A11-iň kämilleşdirilen görnüşi bolan täze Galaxy Tab A11+ planşetini çykardy. Modele has çalt prosessor, ulaldylan ýat we goşmaça funksiýalar goşuldy...

19.11.2025 10:19
1k+

Samsung EA-ny çagyrmak düwmesi bilen “akylly” klawiaturany hödürledi

Samsung kompaniýasy Galaxy enjamlary – smartfonlar, planşetler we noutbuklar üçin simsiz “akylly” klawiaturany çykardy. Samsung Smart Keyboard aýratyn sanly blogy bolmadyk we birikmek üçin Bluetooth ulanýan ykjam QWERTY klawiaturasydyr...

03.11.2025 10:02
8.7k+

Samsung geljekki Galaxy S26 flagmanlary barada ilkinji maglumatlary berdi

Samsung ilkinji gezek geljekki Galaxy S26 smartfon hatary barada gürrüň berdi. Kompaniýa 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginiň maliýe netijelerine bagyşlanan maslahatda resmi maglumatlar bilen paýlaşdy. Indiki smartfon hatary has kuwwatly prosessora, kämilleşdirilen emeli aňa we täze kameralara eýe bolar...

29.10.2025 17:05
6.3k+

Samsung ilkinji gezek üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonyny görkezdi

Samsung kompaniýasy ilkinji gezek üç eplenýän — Galaxy Z TriFold täze smartfonynyň nusgasyny görkezdі. Täze enjam Günorta Koreýada geçirilýän APEC 2025 sammitinde tanyşdyryldy diýip, SamMobile habar berýär. Žurnalistler we myhmanlar smartfony diňe aýnaň aňyrsyndan görüp bildiler: bir nusga eplenen, beýlekisi bolsa doly açyk ýagdaýda ýerleşdirildi...