Samsung Galaxy S22-niň täze wersiýasy tanyşdyryldy

  • 28.07.2022 19:12
  • 17k+

Samsung kompaniýasy öňdebaryjy Samsung Galaxy S22 smartfonynyň 800 amerikan dollary bahalandyrylýan Bora Purple reňkdäki täze wersiýasy bilen tanyşdyrdy.

Kompaniýanyň aýtmagyna görä, benewşe iň islegli, şeýle hem Galaxy-niň däp bolan reňkidir: "Bu reňk özboluşlylygyň nusgasy, serhetleriň çägini giňeldýär we mydama açyklyk konsepsiýasynyň çäklerinde täzeçilligi ornaşdyrýar".
Benewşe modeliň apparat şekilindäki durky edil beýleki reňkdäkileriňki ýalydyr.  Samsung Galaxy S22 şekili täzeleýiş tizligi 120 Gs bolan 6,1 dýumlyk diagonally AMOLED ekran, Samsung GN5-iň 50 megapiksellik esasy kamerasy, 12 megapiksellik aşa giň burçly we 12 megapiksellik teleobýektiwli (3X, OIS) kamera bilen enjamlaşdyrylandyr. Esasy kamera we teleobýektiw şekiliň optiki durnuklylygyny saklaýar.
Samsung Galaxy S22 öňdebaryjy birkristally Qualcomm Snapdragon 8 Gen 1 ulgamy, 3700 mA.s sygymly akkumulýator we tozandan, suwdan goraýan IP68 bilen enjamlaşdyrylan. Ol 10-njy awgustda satuwa çykar.


düýn 20:06
4.2k+

Samsung Galaxy S26 Ultra nähili bolar? Çaklanýan dizaýny, tehniki tarapy we bahasy

Samsung kompaniýasy 2026-njy ýylyň gyşynyň ahyrynda görkezilmegine garaşylýan Galaxy S26 Ultra flagman smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar. Insaýderleriň maglumatlaryna görä, enjam 25-nji fewralda San-Fransiskoda geçiriljek Galaxy Unpacked çäresinde görkeziler, global satuwa bolsa 11-nji martda çykarylar...

18.01.2026 23:38
2.4k+

Samsung ähli ulanyjylary üçin Windows brauzeriniň beta wersiýasyny açýar

Samsung ähli Windows ulanyjylary üçin Samsung Internet brauzeriniň beta wersiýasyny açdy. Mundan ozal bu mümkinçiligi ulanmaga diňe Günorta Koreýanyň we ABŞ-nyň Samsung işläp düzüji hasaby bolan ýaşaýjylary synanyşyp bilýärdiler...

18.01.2026 15:41
8.9k+

Taryhda iň şowsuz çykan smartfonlaryň sanawy düzüldi

BGR portalynyň bilermenleri artykmaçlyklary bilen däl-de, howpludygy, tehniki ýalňyşlyklar ýa-da şowsuz konsepsiýalar sebäpli uzak wagtlap ýatda galan smartfonlaryň sanawyny düzdi. Iň ýaramaz smartfonlaryň sanawyna 13 model girdi...

15.01.2026 21:57
5.1k+

Samsung 6000 mAs batareýaly we 6 ýyllyk täzelenme goldawy bolan arzan Galaxy A07 5G modelini tanyşdyrdy

Samsung kompaniýasy arzan bahaly Galaxy A07 5G smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Täze model ilki bilen Taýlandyň we Mýanmanyň bazarlary üçin tanyşdyryldy. Smartfon ýat ukyby boýunça iki görnüşde — 4/128 GB we 6/128 GB wariantlarynda hödürlenýär...