Nasa SpaceX bilen şertnama baglanyşdy

  • 22.07.2022 23:59
  • 8.3k+

NASA "Nensi Greýs Roman" kosmiki teleskopynyň missiýasyny goýbermek barada Space Exploration Technologies (SpaceX) korporasiýasy bilen şertnama baglanyşdy. Bu barada UNIAN-a salgylanýan Trendiň ýazyşy ýaly, SpaceX habar berýär. 

Täze apparat öň işläp duran "Jeýms Uebba" kosmiki teleskopynyň üstüni ýetirer diýip meýilleşdirilýär. Missiýa garaňky energiýany, garaňky materiýany we ekzosaýýarlary öwrener.
NASA teleskopa şu ady "Habbla" kosmiki teleskopynyň üstünde işlän Nensi Greýs Romanyň hormatyna dakdy - goýbermäge taýýarlanylýan apparatyň esasy gurluşy köp babatda şol teleskopy ýatladýar.
"Nensi Greýs Roman"-y döretmek üçin ABŞ-nyň Milli aňtawçylyk müdirligi (NRO) "Habbla"-nyň ýere bakdyrylyp goýlan hakyky gizlin wersiýasy, ulanylman duran sputnik-jansyzy pida etdi. 


29.10.2025 09:21
1.3k+

Airbus, Leonardo we Thales SpaceX bilen bäsleşmek üçin bilelikde täze kosmos kompaniýasyny döredýärler

Airbus, Leonardo we Thales kompaniýalary özleriniň kosmos bilen bagly bölümlerini birleşdirmek barada özara düşünişmek Ähtnama gol çekdiler. Bu ädim Ýewropanyň kosmos bazaryndaky ornuny güýçlendirmäge, aýratyn-da häzirki wagtda bu pudakda agalyk edýän SpaceX bilen bäsleşmäge gönükdirilendir...

28.07.2025 18:23
4.1k+

NASA-nyň her bäşinji işgäriniň işden boşadylmagyna garaşylýar

ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary dolandyryş gullugy (NASA) 3870 töweregi işgäriň işden çykarylýandygyny habar berdi, bu bolsa işgärleriň umumy sanynyň 20%-ini düzýär. Şolar işden aýrylandan soň agentligiň işgärleri 18 000-den 14 000 adama çenli azalar...

11.07.2025 14:47
8.6k+

Gysga wagtlyk fantastiki lider: Tramp NASA wagtlaýyn ýolbaşçy belledi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň ulag ministri Şon Daffini Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli müdirligiň (NASA) wagtlaýyn ýolbaşçysy wezipesine belledi. Ak tamyň ýolbaşçysy bu barada özüniň Truth Social sosial torunda habar berdi...

09.06.2025 13:47
2.4k+

NASA we Pentagon SpaceX-iň raketalarydyr kosmos gämilerine oruntutar gözleýär

NASA we Pentagon (ABŞ-nyň Goranmak ministrligi) SpaceX bilen bäsleşýän kompaniýalara ýüzlenip, olary öz raketa daşaýjylarynyň we kosmos gämileriniň işlenip taýýarlanyşyny çaltlandyrmaga çagyrdy. Bu ýagdaý SpaceX kompaniýasynyň eýesi Ilon Mask bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň arasyndaky düşünişmezlikden soň ýüze çykdy...