Ispaniýadaky güýçli yssylyk bir hepdede 500-den gowrak adamyň ölümine sebäp boldy

Ispaniýadaky güýçli yssylyk bir hepdede 500-den gowrak adamyň ölümine sebäp boldy

Ispaniýada hasaba alynýan adatdan daşary yssy howa bir hepdäniň dowamynda 500-den gowrak adamyň aradan çykmagyna getirdi. Bu barada EFE agentligi habar berdi diýip, Trend belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, Saglygy goraýyş ministrliginiň garamagyndaky Karlos III-iň Saglyk instituty 10-njy iýuldan 16-njy iýula çenli patyşalykda 45 gradusa ýeten adatdan daşary howa temperaturasy netijesinde 510 adamyň aradan çykandygyny hasaplady. Köp ýagdaýlarda gürrüň 85 ýaşdan uly adamlar baradadyr.
Ispaniýanyň Döwlet meteorologiýa agentligi sebitleriň köpüsinde howa howpunyň derejesini sary (howp) we mämişi (ýokary howp) derejelere çenli ýokarlandyrdy. Käbir welaýatlarda howsala derejesi iň ýokary – gyzyl derejä (adatdan daşary howp) çenli ýokarlandyryldy.