Xiaomi kompaniýasy awgustda ilkinji elektromobilini hödürlär

  • 19.07.2022 07:49
  • 9155
Xiaomi kompaniýasy awgustda ilkinji elektromobilini hödürlär

Xiaomi-niň baş müdiri we esaslandyryjysy Leý Szýun awgust aýynda kompaniýanyň ilkinji elektromobiliniň prototipini görkezer diýip, Arena EV portaly habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär. Kompaniýanyň başlygy taslamanyň meýilnama boýunça ilerlenmegine gözegçilik edýär.

Prototip tanyşdyrylandan soň, ýol synaglarynyň, şol sanda awtoulagyň ilkinji gyşky synagynyň başlanjakdygy habar berilýär. Elektromobili işläp düzen topar Weltmeister Maven prototipiniň üstünde işlän Şanhaýyň HVST Automobile Design kompaniýasynyň düzümine girýär.
Belli bolşy ýaly, Xiaomi awtomobil brendini işe girizmäge taýýarlanýar we eýýäm jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça müdiri hakyna tutdy. Täze brendiň marketing kampaniýasy prototip köpçülige hödürlenenden soň işe giriziler.
Geçen ýyl Xiaomi awtomobil bölümçesini ösdürmek üçin 10 mlrd dollar bölüp berdi. Xiaomi awtomobillerini öndürýän zawod Içžuanda gurlar. Bu ýerde kompaniýanyň gözlegler we işläp düzmeler merkezi hem ýerleşer. Zawodyň önümçilik kuwwatynyň ýylda 300 müň awtomobil bolmagyna garaşylýar.
Şeýle-de bolsa, başlangyç tapgyrda ýylda 150 müň töweregi awtomobil öndüriler, ilkinji modeller bolsa 2024-nji ýylda satuwa çykarylar. Awtomobil bölümçesiniň gözlegler we işläp düzmeler toparynda eýýäm müňden gowrak işgär bolup, ösmegini dowam etdirýär. Häzirlikçe kompaniýa bahasy 150 müňden 300 müň ýuan aralygynda bolan dört dürli modeli çykarmagy meýilleşdirýär. 


11.05.2024 15:57
5377

Toyota BYD-nyň gibrid platformasyna geçer: bir doly bakda 2000 km

Ýaponiýanyň Toyota awtoulag ägirdi Hytaýyň BYD kompaniýasynyň peýdasyna öz gibrid ulgamyndan el çeker diýip IXBT habar berýär. Hytaýyň metbugat çeşmeleri Toyota-nyň ýakyn iki-üç ýylda çykjak birnäçe täze modelini...

08.05.2024 15:37
5628

8 ýyl we 160 000 km aladasyz: Xiaomi SU7 batareýasyny mugt çalyşmagy üpjün eder

Xiaomi SU7 elektrik ulagynyň batareýasy üçin görlüp-eşidilmedik kepillik yglan etdi. 8 ýyl ýylyň dowamynda ýa-da 160 müň km geçenden soň, batareýasy 30%-den gowrak azalsa, batareýany mugt çalşar diýip, IXBT ýazýar...

02.05.2024 21:46
7102

BYD Tesla-nyň üç aýdaky görkezijisine bir aýda ýetdi. Aprelde kompaniýanyň satuwy 49% ýokarlandy

Hytaýyň BYD awtoöndürijisi şu ýylyň aprel aýynda we 2024-nji ýylyň başyndan bäri awtomobil satuwy boýunça maglumatlary hödürledi. Kompaniýa geçen aýda 313 245 awtoulag satmagy başardy, bu bolsa 2023-nji ýylyň aprel...

30.04.2024 21:49
7749

Xiaomi satuw başlanyndan soň bir aýyň içinde 10 müň sany SU7 çykardy

Satuw başlanyndan bary-ýogy 32 gün soň, Xiaomi SU7-niň 10 000-nji köpçülikleýin elektrik awtoulagy gurnama konweýerinden çykdy. Bu barada Xiaomi-niň esaslandyryjysy, başlygy we baş direktory Leý Szýun mälim etdi...