Ferrari bahasy 4 giperkara deň bolan dünýäde iň ýuka sagady çykardy

Ferrari bahasy 4 giperkara deň bolan dünýäde iň ýuka sagady çykardy

Şweýsariýanyň Richard Milli kompaniýasy Ferrari bilen bilelikde dünýäde iň ýuka mehaniki sagady çykardy. Öň bu derejäni Bvlgari Octo Finissimo Ultra eýeleýärdi. Täze modeliň ady RM UP-01 Ferrari, korpusynyň galyňlygy bolsa bary-ýogy 1,75 mm.

Sagadyň bahasy 1,88 mln dollar. Bu pula, mysal üçin, dört sany kaşaň Ferrari SF90 Stradale  giperkaryny satyn almak mümkin. Häzirki wagtda şolar ýaly ulagyň biriniň bahasy 507 müň dollardyr. 
Sagat üýtgeşik titan ergininden ýasalan we agramy 30 g. Şeýle-de, hronometrli topluma kauçuk kemerjik girýär.  RM UP-01 Ferrari-niň suw geçirmezlik ukyby 10 m-e çenli. Şu ýagdaýda hronometr 5000 grama çenli ýüke çydamly. Şeýle sagatlaryň bary-ýogy 150-si çykarylar.