Xiaomi-niň meşhur smartfony könelişen diýlip ykrar edildi

  • 08.07.2022 10:24
  • 11k+

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy Redmi hatarynyň meşhur smartfony K20 Pro-ny könelişen diýip yglan etdi. Bu barada Gizmochina portaly habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Bellenilişi ýaly, indi dünýäniň ähli ýerinde Redmi K20 Pro modelleri täzelenen programma üpjünçiligine, şol sanda howpsuzlyk üýtgemelerine, MIUI operasion ulgamynyň we Android operasion ulgamynyň täze wersiýalaryna eýe bolmaz.
Çen bilen, bir aý mundan öň Redmi-niň standart modeli – K20 hem könelişen diýlip ykrar edildi. Redmi K20 Pro gajeti käbir ýurtlaryň bazarlarynda Mi 9T Pro ady bilen bellidir. 
Smartfon 2019-njy ýylyň maý aýynda Android 9.0 Pie esasly MIUI 10 programma üpjünçiligi bilen çykaryldy. Häzire çenli ol MIUI bilen Android-iň iki gezek täzelenmesine eýe boldy. Häzirki wagtda gurluş Android 10-a esaslanýan MIUI 12.5-iň dolandyrmagynda işleýär. Resmi däl maglumatlara görä, şeýle karar Redmi K hatarynda täze smartfony çykarmak meýilnamalary bilen baglanyşykly. 


06.02.2026 09:00
1.3k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

10.01.2026 10:30
3k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...