Insaýder iPhone 14-iň köpçülige görkeziljek senesini aýan etdi

  • 07.07.2022 06:55
  • 29k+

The Galox lakamly wideobloger we insaýder iPhone 14-iň hatara çykjak senesini habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, iPhone 14 seriýasynyň 13-nji sentýabrda goýberilip başlanmagy mümkin. Gürrüň smartfonyň diňe bir bildiriş etmek bilen çäklenilmän, hut şol günüň özünde satuwa hem goýberilmeginiň ähtimaldygy barada barýar

Garaşylyşy ýaly, täze smartfonlaryň ekranynyň diagonaly iki görnüşde çykar - 6,1 dýumlyk we 6,7 dýumlyk. Şonuň bilen birlikde iPhone 14-iň we iPhone 14 Max-yň A15-iň prosessorlaryny aljak has ýönekeý modelleri, şeýle hem A16-nyň çipi goýlan Pro/Pro Max wersiýalary hem bolar.
Soňky çykan modellerde "monogaşly" ekran, öňküräk modellerde bolsa çaklaňja kese kesikli ekran bolar. Ýönekeý modeller bilen kaşaň modelleri görnetin tapawutlandyrmak üçin başga-da aýratynlyklaryň bolmagyna garaşylýar. 


düýn 20:25
5.7k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
4.4k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
6.1k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.2k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......