Eýfel diňi düýpli abatlaýyş işlerine mätäç

  • 05.07.2022 15:45
  • 16k+

Parižiň esasy nyşany bolan Eýfel diňi poslap barýar we ony, meýilleşdirilişi ýaly, ýüzleý abatlamaly däl-de, düýpli dikeltmek gerek . Bu barada duşenbe güni The Guardian habar berdi diýip, Interfaks ýazýar.

Eýfel diňinde 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa Oýunlaryna çenli tamamlanmagy meýilleşdirilýän bahasy 60 mln ýewro durýan ýüzleý abatlaýyş işleri geçirilýär, şol bir wagtda, bilermenler diňiň doly sökülmelidigini, abatlanmalydygyny we täzeden reňklenmelidigini, ýogsam, öňki reňkiniň üstünden täze reňkiň urulmagy ony öňküdenem beter poslatjakdygyny aýdýarlar diýip neşir belleýär. 

"Eger Gýustaw Eýfel bu ýere gelip gören bolsady, walla ýüreginden tutardy" - diýip, The Guardian Eýfel diňiniň dolandyryjylarynyň biriniň sözlerini getirýär. 

Eýfel diňini dörediji Gýustaw Eýfel diňiň poslamagynyň çynlakaý mesele boljakdygyny we ony her ýedi ýyldan reňkläp durmagyň zerurdygyny öňünden çaklapdyr.

"Reňklemek metal gurluşy goramagyň möhüm bölegi bolup durýar, şonuň aladasyny etmek - onuň uzak ýyllar hyzmat etmeginiň ýeke-täk kepili" - diýip, Eýfel ýazypdyr. Ol: "Esasy zat - posuň öňüni almaly" - diýipdir.

Eýfel diňi 1889-njy ýylda gurlupdyr. Ilkibaşda gurluş 20 ýyl dagy durar diýip çaklapdyrlar. Emma 133 ýyl geçdi, diň bolsa degişli idegiň netijesinde henizem şol öňki ýerinde seleňläp dur. Her ýyl bu gözelligi görmäge 6 mln jahankeşde gelýär, ol gelim-gidimliligi boýunça Fransiýada Disneýlendden, Luwrdan  we Wersal köşgünden soň dördünji orunda durýar.


09.05.2026 13:34
1.8k+

Parižde eýeleri uruş ýyllarynda ýiten gymmatbaha sungat eserleriniň sergisi açyldy

Parižiň Orse muzeýinde Ikinji jahan urşy döwründe ýitirilen we uruş gutarandan soň Germaniýada tapylan sungat eserleriniň sergisi açyldy. Bu sergi, eýeleri henize çenli näbelli bolan eserlere bagyşlanýar....

08.05.2026 10:17
8.1k+

Makron aýdym aýtdy, Paşinýan saz çaldy: syýasy sammit sungat bilen soňlandy

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan Ýerewandaky resmi agşam naharynda Şarl Aznawuryň meşhur «Bogema»  aýdymyny ýerine ýetirdiler. Iki ýurduň liderleriniň bu......

02.05.2026 14:04
2k+

Briksende yşyk we suw festiwaly geçirilýär

Italiýanyň Günorta Tirol sebitindäki Briksen şäherinde täsin yşyk we suw festiwaly dowam edýär. Bu ýylky çäre dünýä parahatçylygyna bagyşlanyp, «Parahatçylygy göz öňüne getir» («Imagine Peace») diýlip......

29.04.2026 21:46
8.4k+

Fransiýa Reýunion adasynda dünýäniň iň gymmat ýoluny gurdurýar

Hindi ummanyndaky Reýunion adasynda taryhdaky iň çylşyrymly we gymmat infrastruktura taslamalarynyň biri bolan «Nouvelle Route du Littoral» (Täze kenarýaka ýoly) gurulýar....