Ýewropada gazyň bahasy 9-njy martdan bäri ilkinji gezek 1800 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň bahasy 9-njy martdan bäri ilkinji gezek 1800 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň bahasy biržadaky söwdalaşyklaryň ýapylyşynda 9-njy martdan bäri ilkinji gezek 1 müň kub metri 1800 dollardan geçdi. Muňa Londonyň ICE biržasynyň 4-nji iýuldaky maglumatlary şaýatlyk edýär. 

Niderlandlarda TTF-nyň habynda awgust fýuçersleriniň bahasy 1 müň kub metriniňki 1804,3 dollara çenli ýa-da MWt/s 167,3 ýewro çenli gymmatlady. Umuman, gazyň bahasy bir günde 13%-den hem ýokary galdy.
Golaýda operasion menejmentiň professory we Keele işewürlik mekdebiniň direktorynyň orunbasary Samir Daniniň sözlerine salgylanýan britan Express neşiri Ýewropada energiýa göterijileriň bahasynyň aşa göterilmegi bilen ýüzbe-ýüz bolnandygyny, munuň bolsa puluň umumy hümmetiniň gaçmagyna sebäp bolandygy barada habar berýär. Daniniň pikirine görä, puluň hümmetiniň gaçmagy adamlaryň ählisi üçin esasy haryt bolup durýan azyk önümleri bilen üpjün ediliş zynjyrynda domino effektiniň ýüze çykmagyna getirýär.