Iň kuwwatly subflagman smartfonlar belli boldy

  • 05.07.2022 09:30
  • 17k+

AnTuTu saýtynda Android operasion sistemasynyň dolandyrmagynda işleýän iň öndürijilikli subflagman smartfonlaryň iýun aýy üçin reýtingi neşir edildi. Bu sanawda öňdäki orunlary Mediatek kompaniýasynyň çipsetleri bilen üpjün edilen gajetler eýeledi diýip, gazeta.ru habar berýär.

Birinji orny 823 müň bal ortaça görkeziji bilen Oppo Reno 8 Pro+ smartfony eýeledi. 1-nji iýunda Hytaýda satuwa çykarylan smartfon Mediatek Dimensity 8100 Max çibi bilen enjamlaşdyryldy. Ikinji we üçünji orunlarda Dimensity 8100 prosessoryna eýe bolan Redmi K50 we Redmi Note 11T Pro+ smartfonlary ýerleşdi. 
Liderleriň üçlüginden soň Vivo S15 Pro, Realme GT Neo3, One Plus 10 Ace-iň iki wersiýasy, Redmi Note 11T Pro we Oppo K10 5G gelýär – bu smartfonlaryň ählisi 8000 seriýaly Mediatek çipleri bilen işleýär.
Reýtingi Vivo S15 jemleýär – bu iň kuwwatly subflagman smartfonlaryň onlugyna giren Qualcomm çipseti bilen işleýän ýeke-täk smartfon. Onuň öndürijiligine 2021-nji ýylyň başynda hödürlenen Snapdragon 870 jogap berýär. 

şu gün 11:08
166

Agata Kristiniň syrly ýitirim bolşy barada film düşüriler

Felisiti Jons «On bir ýitirilen gün» (Одиннадцать пропущенных дней») diýlip atlandyrylýan täze detektiw filminde Agata Kristiniň keşbini janlandyrar. Bu film ýazyjynyň 1926-njy ýyldaky syrly ýitirim......

şu gün 10:30
197

UCL barlagy: sungat bilen yzygiderli meşgullanmak garrylygy haýalladýar

London uniwersitet kollejiniň alymlarynyň geçiren barlagynda sungat bilen yzygiderli meşgullanmagyň we medeni çärelere gatnaşmagyň biologik garrama hadysasyny haýalladýandygy ýüze çykaryldy....

şu gün 00:03
4.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
2.6k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....