2025-nji ýylda Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler

  • 02.07.2022 09:54
  • 7k+

2025-nji ýylda Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa görülýän taýýarlyklar barada 1-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew hasabat berdi. 

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “2020-nji ýylda Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda” Karary kabul edildi. Resminama laýyklykda, Halkara sambo federasiýasy bilen bilelikde zerur bolan guramaçylyk işleri geçirildi. Ýöne dünýäde koronawirus ýokanjy zerarly emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar nazara alnyp, Halkara sambo federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komiteti çempionaty 2025-nji ýylda Aşgabatda geçirmek baradaky çözgüdi kabul etdi. Bu teklip  içgin öwrenildi hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi we Söweş sungaty milli federasiýasy tarapyndan makullanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu iri halkara ýaryşy ýokary derejede guramak maksady bilen, guramaçylyk komitetini döretmek teklip edilýär. 

Döwlet Baştutany beýan edilen teklibi makullap, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, ýaş nesilleri sport bilen işjeň meşgullanmaga çekmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işleriň Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söweş sungaty milli federasiýasy bilen bilelikde geçirilmelidigini aýtdy. Şeýle hem wise-premýere ýurdumyzyň sambo boýunça milli ýygyndy toparynyň düzümine iň gowy türgenleri saýlap almak hem-de bu halkara ýaryşa taýýarlamak boýunça zerur işleri geçirmek tabşyryldy. 


21.04.2026 20:58
5.1k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.7k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....

03.04.2026 19:30
3.9k+

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi»,......