Ärdogan Serdar Berdimuhamedowy Türkiýä sapar bilen gelmäge çagyrdy

  • 02.07.2022 10:03
  • 13k+

1-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýy kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Myhman türkmen döwletiniň Baştutanyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gutlag hatyny hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowa özi üçin amatly pursatda Türkiýe Respublikasyna sapar bilen gelmäge iberen çakylygyny gowşurdy. 
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we myhman ägirt uly mümkinçilikleri bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini, hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlarynyň kesgitlenilmegini, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini esasy ugur edinýän hökümetara toparyň işine wajyp ornuň degişlidigi nygtaldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagy we köpugurly esasda ösdürmegi ugur edinýän Türkmenistan döwrebap senagat düzüminiň döredilmegine, iş tejribesine häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň, täzeçil tehnologiýalaryň we oňyn işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär.  Bu bolsa, öz gezeginde, daşary ýurtly, şol sanda türk hyzmatdaşlarymyz bilen netijeli gatnaşyklara oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär. 


düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......