Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi Aşgabada geldi

  • 29.06.2022 14:46
  • 13k+

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisi Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň  VI sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Eýranyň Prezidenti bilen bilelikde türkmen paýtagyna ýurduň ýokary derejeli wekiliýeti hem geldi. Onuň düzümine resmi adamlar, şeýle hem işewür wekiller girdi.
Aşgabada ugramazynyň öň ýanynda, Raisi Hazar deňziniň kenarýaka döwletleriniň umumy baýlygy bolup durýandygyny, sammitde bolsa Hazarda ulag ulagmynda we tebigy serişdelerini dolandyrmakda hyzmatdaşlyk etmegiň maslahatlaşyljakdygyny belledi.
Hazarýaka döwletleriniň ählisi bilen hyzmatdaşlykda Hazar deňziniň üsti bilen üstaşyr daşamalary artdyrmak meselesi Eýran üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar diýip, eýran habar beriş serişdeleri ýazýar.


şu gün 00:23
1.1k+

Türkmenistanda dekabryň aýlyk zähmet haklary 20-sine çenli töleniler

Prezident Serdar Berdimuhamedow 5-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowa eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçilik etmegi,  bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary bermegi tabşyrdy...

şu gün 00:07
1.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti 11-12-13-nji dekabry iş güni däl diýip yglan etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 11 – 12 - 13-nji dekabryny iş güni däl diýlip yglan etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany bu karara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk...

düýn 17:52
2.1k+

20-nji dekabrda Tokioda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynda birinji sammit geçiriler

20-nji dekabrda Tokio şäherinde döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» sammiti geçiriler. Bu barada «Ýaponiýa — Merkezi Aziýa» Dostluk ligasynyň umumy ýygnagynda mälim edildi diýip, Kyodo News neşiri habar berýär...

düýn 11:16
3.5k+

Türkmenistanyň ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

1-nji dekabrda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Baýram Baýramow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabarada Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde geçirildi...