Assam hindi ştatyndaky suw joşmasynyň pidalarynyň sany 135-e ýetdi

  • 29.06.2022 05:54
  • 13k+

Hindistanyň Assam ştatyndaky suw joşmasynda heläk bolanlaryň sany soňky gije-gündiziň dowamynda sekiz adam artyp, 135-e ýetdi. Bu barada sişenbe güni Hindustan Times gazeti habar berdi.

Assamdaky suw joşguny bilen bagly ýagdaý kadalaşýar, suw peselýär, emma Kopili, Barak we Kuşiara derýalarynyň derejesi ýokary bolmagynda galýar. Suw basan ýerde 2,2 mln adam galdy. Nagaon etrabynda ýagdaý hasam çylşyrymly, ol ýerde derýanyň bendiniň ýykylmagy sebäpli Silçar şäherini doly suw basdy.
Assamyň hökümetiniň maglumatlaryna görä, ştatda tebigy betbagtçylykdan 2 254 oba zyýan çekdi, 200 müň töweregi ilat howpsuz etraplara göçürildi we 538 sany wagtlaýyn lagerlere ýerleşdirildi. Suw joşguny azyndan 218 ýola we 20 köprä zeper ýetirdi.
Suw joşguny güýçli musson çabgasy sebäpli Brahmaputra derýasynyň öz goşantlary bilen bilelikde hanasyndan çykmagyndan döredi. Häkimiýet uçarmansyz uçuş apparatlaryny ulanyp, suw joşgunyndan zyýan çeken etraplardaky ýagdaýy seljermek üçin iş alyp barýar. Ilata kömek bermeklige hindi goşunynyň harby gullukçylary çekildi.


şu gün 12:37
1.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

düýn 18:53
9.3k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

düýn 09:31
5.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....