Nepal Ewerestiň esasy lagerini göçürmegi mümkin

  • 22.06.2022 17:12
  • 6.4k+

Nepal ekologik meseleler bilen baglanyşykly, esasy lageri göçürmegiň mümkinçiliklerine garaýar.

Nepalyň Syýahatçylyk departamentiniň baş direktory Taranatha Adhikariniň sözlerine görä, lager golaýyndaky Khumbu buzlugynyň ereýändigi sebäpli töwekgelçilikli ýagdaýdadyr.

«Biz köpsanly gyzyklanýan taraplardan esasy lageri başga ýere göçürmek barada maslahatlary aldyk. Heniz anyk bir çözgüde gelinmedigem bolsa, biz gelýän teklipleri juda çynlakaý öwrenýäris» — diýip, Adhikari CNN-e habar berdi.

Maslahatlar bize ýerli ýaşaýjylardan, alpinistlerden we daşky gurşaw boýunça bilermenlerden gelýär.
Ýöne şeýle-de bolsa, dünýäniň iň beýik gerşi Ewerest babatynda haýsydyr bir çynlakaý üýtgeşme howul-hara edilmez. Sebäbi barlaglary diňe ýazyna geçirip bolýar, belli bir karara gelmek üçin bolsa 2-3 ýyl gerek bolsa gerek. Käbir barlaglar maý aýyna gabat gelýän ýazky alpinistçilik möwsüminde geçirildi.
Gyzyklanýan taraplar öz barlaglaryny tamamlan dessine, megerem, olardan öz tekliplerini Nepalyň hökümetine hödürlemek talap edilse gerek. Bu kararda soňky sözi Nepalyň ministrler kabineti aýdar. Ewerest dagyna ekologik taýdan zeper ýetýändigi barada gyzyklanýan taraplar öňem birnäçe sapar howsala zaňyny kakypdylar.

şu gün 00:03
1.1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
476

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
983

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......