Ispaniýada adatdan daşary yssy howa sebäpli 9 müň gektar tokaý ýandy

  • 20.06.2022 17:05
  • 25k+

Ispaniýada tokaý ýangynlary Sýerra-de-la-Kulebro sebitiniň demirgazyk-günbatar böleginde tokaýyň tas 9 müň gektaryny ýok etdi. Bu barada “The Guardian-a” salgylanyp, ren.tv habar berýär.

Ýangynyň döremegine Ýewropadaky adatdan daşary yssy howa sebäp boldy. Neşiriň maglumatlaryna görä, çaklamalar tokaý ýangynlarynyň has uzaklara ýaýrap biljekdigi bilen alada döredýär.
Ýangyn sebäpli 200 töweregi adam öýlerini terk etmäge mejbur boldy, ýene 3 müň adam ýangynyň golaýdadygy sebäpli Ispaniýanyň merkezindäki tematiki seýilgähden ewakuasiýa edildi. Häzir ýangyn söndürijiler Kataloniýanyň tokaýlarynda-da ýangyn bilen göreşýärler.
Adatdan daşary yssy howa Fransiýada hem gözegçilik edilýär. Ýurduň käbir ýerlerinde sinoptikler howanyň temperaturasynyň 42 gradus we ondan ýokary boljakdygyny çaklaýarlar. Gyzyl Haç guramasy Tuluza şäherindäki öýsüzleriň arasynda süýji suwuň paýlanmagyny ýola goýdy. 
Öň, ýylyň dowamyndaky iň yssy gün Beýik Britaniýada hasaba alyndy. 17-nji iýunda termometr 30 gradusdan ýokary temperaturany hasaba aldy.
Ýatlap geçsek, geçen tomus tokaý ýangynlary Türkiýäni gurşap aldy. Netijede, 40-dan gowrak ilat nokady zyýan çekdi. Ýangyn Antalýa, Mugla, Adana, Mersine, Marmarise we beýleki käbir sebitlere ýaýrady. 


düýn 14:57
4.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.1k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....