Serdar Berdimuhamedow lebaply daýhanyň galla meýdanyna bardy

  • 18.06.2022 16:36
  • 10k+

Lebap welaýatynda toý saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün ir säher bilen Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanyna baryp gördi we bu ýerde galla oragyny başlamaga ak pata berdi.

"Türkmenistan" gazetiniň elektron neşirinde berilýän habara görä, hormatly Prezident daýhan birleşiginiň çäginde gallaçy kärendeçisi Azat Joraýewiň kärende ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy kärendeçi uly hormat bilen garşylady. Kärendeçi bilen söhbetdeşlikde Arkadagly Serdarymyz oba hojalyk işleriniň barşy, onuň hal-ahwaly, maşgala ýagdaýy bilen gyzyklandy. 
Hormatly Prezident kärendeçiniň haýyşy boýunça galla oragyna başlamaga ak pata berdi.
Mälim bolşy ýaly, gündogar sebitiň gallaçylary 3-nji iýunda Ahal hem-de Mary welaýatlarynyň daýhanlary bilen bilelikde bugdaý oragyna girişdiler. Şu ýyl welaýatyň daýhanlary 130 müň gektar ýerden 310 müň tonnadan geçirip galla almagy meýilleşdirýärler. Bu möhüm oba hojalyk möwsüminde däne ýygnaýjy kombaýnlaryň 419-synyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar.


düýn 11:41
2.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
5.5k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

11.06.2026 13:44
3.8k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......