Ulag boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparyny döretmek teklip edildi

  • 16.06.2022 07:54
  • 9.8k+

15-nji iýunda Tähranda Prezident Seýed Ebrahim Raisi bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda Ulag boýunça hökümetara topary döretmek teklibini öňe sürdi. Onuň maksady Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň ägirt uly mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, bu ugurda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezident ýokary derejeli duşuşykda: «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny gysga wagtda durmuşa geçirmek üçin tagallalarymyzy güýçlendirmeli diýip pikir edýärin. Mälim bolşy ýaly, bu taslama Hindistan we Gazagystan hem resmi taýdan goşuldy» diýmek bilen, iki ýurduň arasynda pandemiýa zerarly azalan awtomobil ulaglarynyň gatnawlaryny ýola goýmaga girişmegiň hem-de päsgelçilikleridir çäklendirmeleri aradan aýyrmak boýunça özara düşünişmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ýeri gelende bellesek, Eýran Yslam Respublikasy Demirgazyk — Günorta demir ýolunyň üsti bilen Pars aýlagynyň portlaryna çenli iň gysga ýol hökmünde ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşydyr. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyz Türkmenbaşy, Amirabad we Enzeli portlarynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň tarapdary bolup çykyş edýär.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 15:51
5.7k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 16:02
12k+

Şäherleriň ululygyndaky howa menzilleri: dünýäniň iň uly 7 howa menzili

Häzirki zaman howa menzilleri köpden bäri diňe uçuş we gonuş nokatlary bolmagyny bes etdi. Olar awiasiýanyň geljekki onlarça ýyllar öňünden logistika, biznes we strategiýa bilen baglanyşykly giň......