Futbolda bäş gezek oýunçy çalyşmak düzgüni hemişelik girizildi

  • 15.06.2022 19:45
  • 14k+

Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) toparlara oýnuň dowamynda bäş gezek oýunçy çalyşmaga mümkinçilik berýän düzgüni hemişelik esasda girizdi. Ozal bu düzgün koronawirus pandemiýasy bilen bagly toparlaryň oýunçylarynyň ysgyndan gaçýandygy üçin girizilipdi.

«FIFA-nyň ählumumy pandemiýa wagtynda oýunçylaryň abadanlygyny goramak boýunça 2020-nji ýylyň maýyndaky ýüz tutmasyndan soň, IFAB futbolyň düzgünlerine wagtlaýyn düzedişi girizdi. Bu düzediş esasy milli we halkara ýaryşlarynda oýunçylary bäş gezege çenli çalyşmaga mümkinçilik berýärdi. Soňra şol täze düzgüniň möhleti birnäçe gezek uzaldyldy.

IFAB şu günki ýygnagynda şol düzediş futbolyň düzgünleriniň hataryna hemişelik kabul ediler ýaly birgiden maslahatlary we tutuş futbol jemgyýetçiliginiň aýgytly goldawyny kabul etdi. Şonuň ýaly-da, ýaryşyň guramaçysynyň garamagyna bagly, ätiýaçlykdaky oýunçylaryň sanyny 12-den 15-e çenli köpeltmek barada karara gelindi» — diýip, IFAB-niň resmi saýty habar berýär.


düýn 23:00
933

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......