Katarda geçiriljek DÇ-2022-ä gatnaşyjylaryň ählisi kesgitlenildi

  • 15.06.2022 19:17
  • 20k+

Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynda çykyş etjek 32 ýygyndynyň ählisi belli boldy. Dünýä çempionatynda Ýewropa toparlaryndan Angliýa, Belgiýa, Germaniýa, Daniýa, Ispaniýa, Niderlandlar, Polşa, Portugaliýa, Serbiýa, Fransiýa, Horwatiýa, Şweýsariýa we Uels çykyş eder diýip, championat.com habar berýär. 

Günorta Amerika: Argentina, Braziliýa, Ekwador, Urugwaý.
Afrika: Gana, Marokko, Senegal, Kamerun, Tunis.
Aziýa: Eýran, Katar, Saud Arabystany, Günorta Koreýa, Ýaponiýa, Awstraliýa.
Demirgazyk Amerika: Kanada, ABŞ, Meksika, Kosta-Rika.

Katardaky dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 21-nji noýabryndan 18-nji dekabry aralygynda geçiriler. Saýlama ýaryşynyň soňky oýnunda Kosta-Rikanyň milli ýygyndysy Täze Zelandiýa bilen duşuşdy. Al-Raýandaky (Katar) “Ahmed bin Ali” stadionynda geçirilen oýun kostarikalylaryň 1:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy. 


düýn 15:42
7.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......