Chanel moda öýüniň eýeleri 5 mlrd dollar diwidend aldylar

  • 12.06.2022 19:51
  • 7.1k+

Chanel moda öýüniň eýeleri bolan doganlar Werthaýmerler 2021-nji ýylda diwidend görnüşinde 5 mlrd dollar gazandylar. Bu barada gazeta.ru salgylanyp, Day.Az habar berýär.

2021-nji ýylda Alen we Žerar Kaýman adalarynda hasaba alnan holding kompaniýasynyň üsti bilen iki gezek 2,5 mlrd dollar diwidend aldylar. Bu korporatiw hasabatynyň taryhynda Chanel üçin iň uly töleg boldy.
2021-nji ýylda moda öýüniň arassa girdejisi 4 mlrd dollar, esasy işden gazanan girdejisi 15,6 mlrd dollar boldy. Bu görkezijiler pandemiýadan öňki görkezijiler bilen deňleşýär. 2022-nji ýylda doganlaryň baýlygy 37% ýokarlanyp, 90 mlrd dollara ýetdi. 2016-njy ýyldan bäri Werthaýmerler diwidend görnüşinde, takmynan, 8 mlrd dollar aldylar. 2021-nji ýylda tölegler soňky bäş ýyldaky umumy mukdaryň ýarysyndan gowragyna deň boldy.
Hünärmenler şeýle girdejini pandemiýadan soň moda harytlaryna we gözellik predmetlerine islegiň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Şeýle-de, pandemiýa döwründe Chanel önümlerine isleg artyp, bu hem bahalaryň ýokarlanmagyna getirdi. Mysal üçin, bir model torbasy 2021-nji ýylyň dekabrynda ABŞ-da 8 200 dollara satyldy. Bu 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 60% gymmatdyr.  

düýn 23:22
340

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.3k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......