Buick markasy täze logotip hödürledi

Buick markasy täze logotip hödürledi

Buick awtomobil markasy täze logotip hödürledi. Ol 2023-nji ýyldan awtoulaglarda peýda bolup başlar.

Logotip marka tarapyndan 1960-njy ýyldan bäri ulanylýan we öz köküni kompaniýany esaslandyryjy Dewid Danbar Býuikiň nesilden-nesle geçýän geraldikasyndan alyp gaýdýan stilleşdirilen galkanlar görnüşindedir. Täze logotipdäki galkanlar bir setire ýerleşdirilip, öňki ýaly tegelek bilen gurşalmaýar. Logotipiň reňkleri öňküligine galdy: gyzyl, ak we gök.
Şeýle-de, 2030-njy ýylda Buick ABŞ-da adaty içerki ýangyç hereketlendirijileri bolan awtomobilleri satmagy bes eder. ABŞ-nyň bazarynda markanyň gammasynda diňe elektromobiller bolar. Olaryň ilkinjisi 2024-nji ýylda peýda bolar. Buick-iň geljekki elektrik modelleri Electra diýlip atlandyrylar.