Gökderede çagalar üçin tomusky dynç alşyň birinji tapgyry başlandy

  • 03.06.2022 08:05
  • 12k+

2-nji iýunda Aşgabatdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada mekdep okuwçylaryny Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän özboluşly tebigy şypahana bolan Gökderä ugratmak dabarasy geçirildi.

Meşhur çagalar toparlarynyň şadyýan aýdymlary we şowhunly tanslary, sahna oýunlary çagalar üçin döredijilik sowgady boldy. Paýtagtymyzdan hem-de welaýatlardan gelen çagalar baýramçylyk äheňinde bezelen awtobuslarda tomusky başdan geçirmelere tarap ugradylar. Köpetdagyň jülgesindäki sagaldyş merkezlerinde-de çagalary uly şatlyk bilen garşy aldylar. Ýaş nesilleriň aýdym-sazly dabaraly ýörişi ähli sagaldyş merkezlerini gurşap aldy.

Çagalaryň doly derejede dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmekleri üçin bu ýerde ähli şertler döredilipdir. Sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde oýun oýnamak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter merkezleri, el iş gurnaklary, teatr we şekillendiriş studiýalary, kitaphanalar göz öňünde tutulypdyr.

Türkmenistanyň Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri ýörite medeni-dynç alyş maksatnamasyny işläp taýýarladylar. Olaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde dynç alyş merkezlerinde her tomusky möwsümde sungat ýoluna ýaňy başlaýan artistleriň we çagalar çeper höwesjeň toparlarynyň, döwlet we halkara derejedäki dürli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, meşhur estrada aýdymçylarynyň, sazandalaryň gatnaşmaklarynda köp sanly bäsleşiklerdir konsertler, sport çäreleri, sahna oýunlary, edebi çykyşlar guralýar.

Mekdep okuwçylary üçin kompýuter programmalaryny we daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça, şol sanda beýleki dürli gurnaklar göz öňünde tutulypdyr. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hünär ukybyny ele almakda tejribe toplamak üçin terbiýeçilere kömek bermek maksady bilen, Gökderä gelerler. Teatr, sirk, meşhur aýdym-saz we tans toparlary hem ýaşajyk tomaşaçylar bilen duşuşmaga taýýarlyk görýärler. Çagalar üçin paýtagtymyzyň we welaýatlaryň ajaýyp künjeklerine, taryhy-medeni ýadygärliklere, muzeýlere, seýilgählere gezelençler guralar.


27.05.2026 18:14
3.9k+

Türkmenistan Gurban baýramyny giň gerimde belleýär

Üç günläp dowam edýän Gurban baýramy türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda giňden bellenilýär....

26.05.2026 19:02
7.2k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....

26.05.2026 12:36
3k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......

25.05.2026 11:17
9.6k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....