I çärýekde dünýäde elektromobilleriň satuwy 75% ýokarlandy

  • 31.05.2022 08:16
  • 7.1k+

2022-nji ýylyň I çärýeginde dünýäde elektromobilleriň satuwy 2021-nji ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 75% ýokary boldy. Bu döwürde 2 mln töweregi elektrokar satyldy diýip, Halkara energetika agentliginiň (HEA) synynda aýdylýar. Muny TASS ýetirýär.

Agentlik satuwyň ýokarlanmagynyň, esasan, pudagyň ösüşi üçin döwlet tarapyndan berilýän pul kömeginiň artmagy bilen baglanyşyklydygyny belleýär. 2021-nji ýylda maliýeleşdirmäniň mukdary 30 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde köp döwletler içerki ýangyç hereketlendirijilerinden ýüz öwürýändiklerini aýtdylar ýa-da geljek on ýylda transporty elektrikleşdirmek boýunça hususy meýilnamalaryny hödürlediler. 2021-nji ýylda 2015-nji ýyla garanyňda bäş esse köp elektromobil hödürlendi, bazarda olaryň umumy sany 450 modele ýetdi.

2021-nji ýylda elektrokarlaryň satuwynyň ösüşiniň, takmynan, 50%-i Hytaý tarapyndan üpjün edildi, 2022-nji ýylda-da bu tendensiýa saklanýar. Ýagny, şu ýylyň üç aýynda Hytaýda elektromobil satuwy iki esseden gowrak ýokarlandy, ABŞ-da bu görkeziji 60%, Ýewropada 25% boldy. Braziliýa, Hindistan we Indoneziýa ýaly ýurtlarda elektrokarlaryň paýyna ähli awtomobil satuwynyň bary-ýogy 0,5%-i düşýär.

HEA elektrik transport pudagynyň ösüşiniň üç ýagdaýyny hödürleýär. Görlen çäreleriň esasynda 2030-njy ýyla çenli dünýäde 200 mln elektromobil bolar, olaryň umumy awtomobil satuwynda paýy 20%-e ýeter. Yglan edilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň esasynda 2030-njy ýyla çenli elektrik hereketlendirijili awtoulaglaryň sany 270 mln birlige, satuwdaky paýy 33%-e ýeter. Uglerod bitaraplygyny gazanmak boýunça meýilnamanyň durmuşa geçirilmeginiň esasynda 2030-njy ýyla çenli dünýäde 350 mln töweregi elektrokar bolup, olaryň paýy 60%-e ýeter.


12.05.2026 19:02
1.4k+

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......

12.05.2026 14:52
1.9k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

07.05.2026 11:15
1.9k+

Ferrari Luce dünýäniň iň gymmat tapgyrlaýyn elektrokary adyna dalaş edýär

Ferrari markasynyň Luce diýlip atlandyrylan ilkinji doly derejeli elektromobili dünýäde iň gymmat seriýaly elektrokar bolup biler. Onuň deslapky bahasy 550 müň ýewro möçberinde çaklanylýar....

06.05.2026 15:47
5k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....