Serdar Berdimuhamedow azerbaýjanly kärdeşini gutlady

  • 28.05.2022 08:35
  • 8.5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Şu ýyllaryň dowamynda Azerbaýjan Respublikasy syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we halkara giňişlikde ýurduň abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy” diýlip, hatda bellenilýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň iki halkyň röwşen geljeginiň hatyrasyna mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirip, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli netijeli hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi.


düýn 11:41
2.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
5.5k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......