4-nji iýunda Daşoguzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen bagly ylmy duşuşyk geçiriler

  • 27.05.2022 14:26
  • 11k+

4-nji iýunda “Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda” atly ylmy duşuşygy geçirmek meýilleşdirilýär. 26-njy maýdaky Hökümetiň göçme mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli meýilnamany hödürledi.

Çäräniň çäklerinde meýdan şertlerinde okuw maslahatlaryny hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly hünärmenleriň çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär. Daşoguz welaýatynyň çäklerindäki ýadygärlikleri öwrenmegi dowam etmek we olary gorap saklamak, syýahatçylyk ugurlarynyň düzümlerini gowulandyrmak, täzelerini işläp taýýarlamak, olary ozal bar bolan halkara syýahatçylyk ugurlarynyň ulgamyna goşmak ylmy duşuşyga gatnaşyjylaryň üns merkezinde bolar. 

Ýörite meýdan okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren meşhur Köneürgenjiň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelenji göz öňünde tutulýar. Şeýle-de olar “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” çäklerinde “Kerwensaraý” ýadygärliginde başlanan arheologik gazuw-barlag işleri bilen tanyşdyrylar.

Ylmy duşuşyga gatnaşyjylaryň beýleki bir topary diňe bir biziň ýurdumyzda däl, onuň çäklerinden daşarda-da giňden belli bolan Görogly etrabynyň çägindäki ýadygärliklere — gadymy Yzmykşir şäheriniň galyndylaryna hem-de orta asyr Ysmamyt ata binagärlik toplumyna baryp görerler. Meýdan şertlerinde geçirilýän okuw maslahatlaryna arheologlar, binagärlik boýunça taryhçylar, rejeleýjiler, syýahatçylyk işgärleri, şeýle-de ýurdumyzyň ähli taryhy-medeni goraghanalarynyň hünärmenleri gatnaşarlar, olaryň dowamynda pikir alyşmalar guralar.

Döwlet Baştutany hödürlenen meýilnamany makullap, ýurdumyzdaky taryhy-medeni ýadygärlikleri düýpli öwrenmegiň we dünýäde wagyz etmegiň, bu babatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


düýn 10:10
2.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......