Canalys: Samsung iň köp satylýan smartfon markasy boldy

  • 27.05.2022 08:17
  • 6.5k+

Canalys kompaniýasynyň analitikleri birinji çärýegiň jemi boýunça Ýewropanyň smartfon bazaryna baha berdiler. Netijede, bazaryň 10% pese gaçyşy hasaba alyndy.

Umuman, hasabat döwründe Ýewropada bir ýyl ozalky 46,4 mln bilen deňeşdirilende, 41,7 mln smartfon satyldy. Bazaryň lideri 9% pese gaçyp, bazaryň hem 35%-ini eýeläp, 14,6 mln smartfon satan Samsung bolup galýar. Apple kompaniýasy 8,9 mln smartfon satyp, ikinji orna gaýdyp geldi. Apple-e 10% pese gaçan bazarda örän gowy netije bolan satuwyň 1% ýokarlanmagy netijesinde ikinji orny gaýtaryp almak başartdy, emma üçünji orna düşen Xiaomi-niň satuwy bolsa 22% pese gaçdy.

Şeýle-de, ilkinji bäşlige Realme bilen Oppo girdi. Bularyň birinjisi satuwy 177% ýokarlandyrdy. Dogrusy, ol Xiaomi-niň 8,2 mln smartfony bilen deňeşdirilende, 2,1 mln smartfon satdy, şol sebäpli kompaniýanyň üçünji orna ýetmegi üçin heniz köp wagt gerek. 

Umuman alanyňda, Samsung, Apple we Xiaomi kompaniýalary bilelikde bazaryň 76%-ini eýeledi.


11.04.2026 14:59
7.3k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.1k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.7k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...