Moderna kompaniýasy maýmyn mamasyna garşy waksinalary synagdan geçirýär

  • 25.05.2022 18:38
  • 11k+

Koronawirusa garşy mRNK-waksinany işläp taýýarlan Moderna farmasewtika kompaniýasy maýmyn mamasyna garşy mümkin bolan waksinalary synagdan geçirmäge başlady. Bu barada Moderna Twitterdäki mikroblogynda habar berdi. Reýter habarlar agentligi synaglar boýunça goşmaça maglumat bermeklerini sorap, kompaniýa haýyş hatyny ýollady, emma häzirlikçe jogap almady.

Häzirki pursatda BSGG-i endemiki däl ýurtlarda maýmyn mamasynyň 131 sany tassyk bolan we ýene 106 sany ýokuşan bolmagy ähtimal hasaplanýan ýagdaýlary hakynda habar berýär. Gurama häzirki wagtda maýmyn mamasyna garşy köpçülikleýin waksina etmegi dikeltmäge sebäp ýok diýip tassyklaýar. BSGG-niň maglumatlaryna görä, tebigy mamanyň waksinasy maýmyn mamasyna garşy göreşde 85% netije berýär.

Germaniýa maýmyn mamasynyň ýaýramagynyň öňüni alyş çäresi hökmünde tebigy mamanyň 40 müň dozalyk waksinasyny eýýäm sargyt etdi we ýokuşanlar üçin 21 günlük karantin girizdi. Fransiýanyň saglygy goraýyş ministrligi ýurtda mama garşy köpçülikleýin sanjym işlerini geçirmegi maslahat berýär.

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....