Serdar Berdimuhamedow uçurymlary we mugallymlary "Soňky jaň" bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow uçurymlary we mugallymlary "Soňky jaň" bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow 25-nji maý mynasybetli ähli uçurymlara we mugallymlara Gutlag iberdi. Onda: «Soňky jaň» dabarasy bagtyýar ýaşlarymyzda ata Watanymyza beýik buýsanjy artdyrýan bilimler baýramydyr" diýlip bellenilýär. 

Hususan-da, döwlet Baştutany: "Ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr. Şoňa görä-de, biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýylynyň dowamynda ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek ugrunda gazanylan oňyn tejribelerden, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, giň gerimli bilim özgertmelerimizi dowam edýäris. Şu maksat bilen ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýäris" diýip nygtady. 

Bellenilişi ýaly, biz parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, Uzak Gündogar, Aziýa we Ýuwaş umman sebitleriniň, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika döwletleriniň iri ylym we bilim merkezleri, halkara hem-de sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarys. Nesip bolsa, 2022-2023-nji okuw ýylyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek ÝUNESKO kafedralary hereket edip başlar, orta mekdeplerimiziň birnäçesi bu guramanyň Mekdepler bileleşiginiň düzümine giriziler.

Döwlet Baştutany Gutlagyny: "Sizi «Soňky jaň» dabarasy we okuwyňyzy üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn" diýip jemlemek bilen, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.