USB4-iň gelmegine az wagt galdy. ASMedia-nyň host-kontrollory ilkinji bolup sertifikat barlagyndan geçdi

  • 24.05.2022 08:00
  • 9.7k+

ASMedia kompaniýasy USB4 host-kontrolloryny USB-IF-nyň sertifikat barlagyndan geçiren ilkinji kompaniýa boldy.

ASM4242 kontrollory ASM2464PD gurluşynyň kontrollory bilen bilelikde sertifikat barlagyndan geçenem bolsa, munuň gurluş kontrollorynyň takyk haýsy görnüşine degişlidigi düşnüksizligine galýar. Emma PD modeliň ady, hiç bir goşmaça çipe zerurlyk bolmazdan, USB PD energiýa berijiniň oturdylan goldawynyň bardygyny görkezýär. Bu ýerlemegi ýeňilleşdirmeli, şeýle hem çap platasynda ýer tygşytlamaly. 

ASM4242-niň  PCle 4.0x4 interfeýsi bar we 64 Gbit/s-a çenli geçirijilik ukybyny göterýär. Bu iki portly kontrollor bolany üçin, iki portyň hem USB4 Gen 3x2 göterýän doly 40 Gbit/s tizlikde işläp bilmegi üçin ýeterlik däldir, ýöne bu aglaba alyjylaryň amallary üçin ýeterlik bolmagy mümkin. Şeýle-de,  ASMedia DP alternatiw düzgüniniň goldawyny goşdy, USB4 bolsa öňküsi ýaly Thunderbolt 3 bilen bir ýere sygşyp bilýär. 

düýn 23:18
395

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
317

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.4k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 21:10
5k+

Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy....