«Mançester Siti» Angliýanyň çempiony boldy

  • 23.05.2022 06:58
  • 9.5k+

2021-2022-möwsüminde Angliýanyň Premýer-ligasynyň 38-nji tapgyr duşuşygynda «Mançester Siti» «Aston Willany» kabul etdi. Duşuşyk Mançesterdäki «Etihad» stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň 3:2 hasabynda ýeňmegi bilen tamamlandy.

37-nji minutda «Aston Willanyň» ýarym goragçysy Metti Keş gol geçirdi, oňa pökgini Luka Din berdi. 69-njy minutda «Aston Willanyň» braziliýaly ýarym goragçysy Filippe Koutinýo gol bilen tapawutlandy, oňa Olli Uotkins ýardam etdi.
76-njy minutda «Mançester Sitiniň» oýunçysy Ilkaý Gýundogan Rahim Sterlingiň pasyndan soň «Aston Willadan» aratapawudy azaltdy, iki minutdan soň Rodrigo Ernandes gol geçirdi. 81-nji minutda Ilkaý Gýundogan toparynyň üçünji goluny girizdi.
«Mançester Siti» 38 duşuşykda 93 utuk gazanyp, Angliýanyň çempiony boldy. Ol ikinji orunda gelýän “Liwerpuldan” bir utuk öňe geçdi. “Aston Willa” (45) 14-nji orunda ýerleşýär.


düýn 14:40
1.2k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

düýn 09:59
5.6k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4.1k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 14:43
8.5k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....