Emirates awiakompaniýasy ýyllyk ýitgilerini bäş esse azaltdy

  • 14.05.2022 13:58
  • 14k+

Birleşen Arap Emirlikleriniň iň iri awiakompaniýasy bolan Emirates ýyllyk ýitgileriniň 1,1 mlrd dollara çenli azalandygyny, munuň özi geçen ýyla garanyňda 4,4 mlrd dollar kemdigini mälim etdi. Bu barada anna güni kompaniýanyň saýtynda çap edilen hasabatda habar berilýär. Muny TASS-a sagylanyp, Trend habar berýär. 

Ýolagçy gatnawlarynyň dikelýändiginiň hasabyna awiakompaniýanyň 2021-nji ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýylynda girdejisi 16,1 mlrd dollar bolup, 91% artdy. Hasabat ýylynda 19,6 mln adam awiakompaniýanyň hyzmatlaryndan peýdalandy diýip, resminamada aýdylýar. Awiakompaniýanyň 2021-nji maliýe ýylynda ýerine ýetiren gatnawlarynyň dolujylygy, 2020-nji ýyldaky 44,3% bilen deňeşdirilende, 58,6%-e ýetdi.
Pandemiýa sebäpli we halkara howa gatnawlaryna girizilen çäklendirmeler bilen bagly awiakompaniýa işgärleriniň bir bölegini gysgaltmaga mejbur boldy, emma ýolagçy gatnawlary dikeldilenden soň, Emirates Group-yň işgerleriniň sany, hasabatda habar berlişine görä, 13% artdy. 31-nji martdaky ýagdaýa görä, awiakompaniýada 85 219 adam işleýär.
Emirates-iň sebitdäki esasy bäsdeşi - Qatar Airways katar awiakompaniýasy. Onuňam maliýe ýylynyň 31-nji martda tamamlanandygyna garamazdan, heniz öz netijelerini yglan etmedi.


17.05.2024 19:45
15k+

Dubaý 72,5 müň millioneri bilen Ýakyn Gündogarda iň baý şäher bolup çykdy

72,5 müňden gowrak millioneriň ýaşaýan ýeri bolan Dubaý Ýakyn Gündogaryň iň baý şäheri adyny aldy. Bu Henley & Partners we New World Wealth kompaniýalary tarapyndan düzülen täze hasabatdan gelip çykýar. Hasabatda...

07.04.2023 07:37
22k+

Bloomberg: Milliarderler gozgalmaýan emlägi Londona garanyňda, Dubaýdan has ýygy satyn alyp başladylar

Baý adamlar  gozgalmaýan emlägi, köplenç, Londondan däl-de, Dubaýdan satyn almagy makul bilýärler diýip,  Bloomberg iňlis paýtagtyndaky gozgalmaýan emläk agentlikleriniň biriniň ýolbaşçysynyň sözlerine salgylanyp...

28.06.2025 00:45
11k+

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektory we prorektorlary bellenildi

27-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine ýolbaşçylary bellemek bilen bagly resminamalara gol çekdi. Hususan-da, Hydyrguly...

27.06.2025 23:53
13k+

Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow "Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda" Permana gol çekdi. Döwlet Baştutany degişli resminama 27-nji iýunda Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu resminama ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen kabul edildi...