Nýu-Delide bolup geçen ýangyn zerarly aradan çykanlaryň sany 27 adama ýetdi

Nýu-Delide bolup geçen ýangyn zerarly aradan çykanlaryň sany 27 adama ýetdi

Anna güni, 13-nji maýda Hindistanda Nýu-Deliniň günbatarynda ýerleşen dört gatly edara binasynda bolup geçen ýangyn zerarly azyndan 27 adam aradan çykdy.

Maglumatlara görä, 12 adam şikes aldy. Bellenilişi ýaly, ýangyn bolup geçen bina ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine laýyk gelmeýärdi we şäher ýangyn howpsuzlygy gullugyndan degişli rugsatnamasy ýokdy. Şenbe güni NDTV teleýaýlymynyň habar bermegine görä, binanyň eýesi gaçyp gizlenipdir, polisiýa ony gözläp ýör. Binanyň beýleki ýolbaşçylary tussag edildi.

Halas ediş gullugynyň habar bermegine görä, wakanyň bolan ýerine ilki 10 sany ýangyn söndüriş brigadasy, soňra goşmaça 14 sany brigada ugradyldy.
Öň ANI agentligi hukuk goraýjy edaralaryň wekillerine salgylanyp, 20 adamyň aradan çykandygyny we 10 adam ýangyn şikesini alandygyny habar berdi. Ýangyn söndüriji gulluklaryň işgärleriniň bellemegine görä, käbir adamlar ýangyndan gutulmak üçin penjireden bökmeli bolupdyrlar.