HEA 2022-nji ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüşi baradaky çaklamasyny peseltdi

HEA 2022-nji ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüşi baradaky çaklamasyny peseltdi

Halkara energetika agentligi (HEA) şu ýyl nebite bolan islegiň ösüşi baradaky çaklamasyny günde 100 müň barrel (b/g) peseltdi we 2022-nji ýylda nebite bolan islegiň 1,8 mln b/g ýokarlanyp, 99,4 mln b/g ýetmegine garaşýar. Bu barada HEA-nyň maý aýyndaky hasabatynda bellenilýär. Muny TASS ýetirýär. Çaklama ykdysady ösüşiň pesligi we bahalaryň ýokarlanmagy, şeýle-de Hytaýdaky lokdaunlar bilen baglylykda peseldi.

Şol bir wagtyň özünde global nebit gorlary bassyr 15 aý azalýar, 2022-nji ýylyň mart aýynda ol 2020-nji ýylyň iýun aýy bilen deňeşdirilende 1,2 mlrd barrel az boldy (aýyň dowamynda 45 mln barrel azaldy). Mart aýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynň ýurtlarynyň gorlary bu ýurtlaryň döwlet ätiýaçlyklaryndan nebitiň satylmagy arkaly 3 mln barrel ýokarlanyp, 2,626 mlrd barrele ýetdi, ýöne henizem bäş ýyllyk ortaça derejeden 299 mln barrel pes bolmagynda galýar.

“Hytaýdaky çäklendirmeleriň gowşaýandygy, tomus awiagatnawlarynyň köpelýändigi we awiaýangyja bolan islegiň dikelýändigi sebäpli, awgust aýyna çenli nebite bolan global isleg aprel aýyndaky iň pes derejeden günde 3,6 mln barrel ýokarlanar. Eger nebiti gaýtadan işleýän zawodlar şeýle depgini göterip bilmese, söwda bazarlary we sarp edijiler goşmaça agrama sezewar bolar” – diýip, HEA hasaplaýar.