UEFA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti ýewrokubok ýaryşlarynyň täze formatyny tassyklady

  • 13.05.2022 08:54
  • 13k+

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) Ýerine ýetiriji komiteti 2024/25-möwsüminden ýewrokubok ýaryşlarynyň formatynyň üýtgedilýändigini tassyklady. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Çempionlar ligasynyň, Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň täze formatyna laýyklykda, 2024/25 möwsüminden başlap ýaryşlaryň her birine 36 topar gatnaşar. Klublary her toparçada dört topardan bölmeklik ýatyrylar, ýaryşlar şweýsar ulgamy boýunça geçiriler.
Çempionlar ligasynda her klub sekiz dürli garşydaşa garşy sekiz oýundan oýnar (öýde we çykyşda 4 oýundan), şondan soň turnir jedweli düzüler. Iň gowy sekiz klub gönüden-göni 1/8 finala çykar, dokuzynjydan 24-nji orna çenli orunlary eýelän toparlar 1/8 finala çykmak üçin iki oýunlyk pleý-offda oýnar.
Çempionlar ligasyndan toparlaryň sanynyň 32-den 36-a ýetirilmegi netijesinde döredilen goşmaça dört orunlar şeýle usul bilen paýlanar: bir orun UEFA-nyň milli assosiasiýalarynyň reýtinginde bäşinji orny eýeleýän ýurduň çempionatynda üçünji orny eýelän kluba berler; bir orun “çempionlar ýoly” arkaly kwalifikasiýanyň hasabyna berler; galan iki orun geçen möwsümde klublarynyň iň gowy toparlaýyn görkezijileri bolan assosiasiýalara (gatnaşýan klublaryň sanyna bölünen umumy utuk sany) berler.
Şeýle düzgünler Ýewropa ligasynda hem hereket eder, ýagny toparlar azyndan sekiz oýun oýnar, Konferensiýalar ligasynda hem toparlar alty oýundan oýnar.
UEFA oýunlaryň klublaryň içerki ýaryşlardaky çykyşlarynyň möhümdigini göz öňünde tutup, öňküsi ýaly hepdäniň ortasynda geçiriljekdigini belledi. 


düýn 13:51
8.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......