GDA-nyň daşary işler ministrleri 13-nji maýda Duşanbede duşuşarlar

  • 10.05.2022 13:02
  • 5.8k+

Indiki hepde — 13-nji maýda Duşanbe şäherinde GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahatynyň mejlisini geçrimek meýilleşdirilýär.

Ministrler arkalaşygyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alşarlar, möhüm halkara we sebitara temalary, şol sanda Ukrainadaky ýagdaýy hem ara alyp maslahatlaşarlar.
DIM-iň Maslahatynyň mejlisinde daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we çuňlaşdyrmak boýunça ilkinji nobatdaky hereketleriň meýilnamasyna, daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky maslahat alyşmalaryň meýilnamasyna, syýahatçylyk ulgamynda esasy guramany döretmegiň meselelerine we düýpli barlag işleriniň talaplaryna laýyklykda, ylmy işleriň meýilnamasyna garalar.
Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň mejlisi däp boýunça ýylda iki gezek geçirilýär. Ýazky mejlis Duşenbede geçenden soň, güýzkini 13-nji oktýabrda Nur-Sultanda geçirmek meýilleşdirilýär.  


şu gün 12:05
2.4k+

2026-njy ýylyň önümçilik senenamasy çykdy: Türkmenistanda resmi taýdan işlenilmeýän günler

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi iş, dynç we baýramçylyk günleri barada maglumatlary öz içine alýan 2026-njy ýyl üçin önümçilik senenamasyny neşir etdi. Bu senenama zähmet haklaryny, zähmet rugsatlaryny hasaplamak we kärhanalaryň işini meýilleşdirmek üçin resmi esas bolup hyzmat edýär...

şu gün 09:43
3.3k+

Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna baryp, oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

2-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy...

düýn 11:57
2.8k+

Serdar Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentini Döwletiň jar edilen güni bilen gutlady

Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň we Hö­kü­me­ti­niň adyn­dan, şeý­le hem hut öz adyn­dan Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Pre­zi­den­ti Şeýh Mo­ham­med bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­na...

düýn 11:50
12k+

Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianta ýurduň Sumatra welaýatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...