Hyundai awtoulaglary duran ýerinde yzyna öwürmek tehnologiýasyny patentledi

  • 08.05.2022 19:00
  • 15k+

Hyundai kompaniýasy şassini doly dolandyrmak boýunça öz tapan  tehnologiýasyny bellige aldyrmak üçin ABŞ-yň patent berýän edaralaryna arza berdi. Işläp taýýarlaýyşlaryň öň ulanylýan ulgamyndan tapawutlylykda, Hyundai tekerleri 90 gradus özbaşdak we dürli tarapa aýlaýar. Motor1-iň ýazyşy ýaly, bu tehnologiýa awtoulaglaryň manýowr etmek ukybyny görnetin ýokarlandyrýar:  olar hut duran ýerinde öwrülmegi başararlar.

GMС Hummer EV-de ulanylýan Сrab Walk ulgamy wnedorožnikde doly dolandyrylýan şassiniň ulanylyşyna iň belli mysaldyr. Ol elektrokara diagonal boýunça hereket etmäge mümkinçilik berýär. Ýöne Hyundai şunuň ýaly ulgamyň mümkinçiligini giňeltmegi teklip edýär.

Ikinjiden, Hyundaiýiň patentinde tekerler 90 gradus burç boýunça öwrülip bilýärler. Bu awtoulaga öz okuna perpendikulýar, ýagny doly gapdallygyna hereket etmäge mümkinçilik berer. Şunlukda, mysal üçin, ulag parkyndaky iň dar ýere hem girip bolar.

Üçünjiden, Hyundai bir okda ýerleşýän tekerleri biri-birinden «aýyrmagy» we olara özbaşdak burç boýunça aýlanmaga mümkinçilik bermegi teklip edýär. Şeýdibem awtoulag diňebir duran ýerinde öwrülmek bilen çäklenmän, awtoulagyň öz okuna gabat gelmeýän wertikal okunyňam daşynda aýlanyp bilýär.

Beýle ulgamyň seriýalaýyn awtoulaglarda haçan peýda boljagy, aslynda boljakmy ol, heniz takyk belli däl. Onuň nähili edip durmuşa ornaşdyryljagy hem entek nämälimligine galýar.


şu gün 10:41
1k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.4k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....