Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy täze kitabynyň çapdan çykmagy bilen gutlady

  • 30.04.2022 12:58
  • 35k+

29-njy aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow şu günler Gurbanguly Berdimuhamedowyň zähmet rugsadynda bolup, «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň üstünde işlemegi tamamlandygy we bu eseriň çapdan çykandygy baradaky hoş habary aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzy we halkymyzy täze kitabyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, bu edebi-filosofik eserde milli Liderimiziň ömrüniň manyly menzilleriniň, durmuş ýoly baradaky ýatlamalarynyň, pikir-garaýyşlarynyň jemlenýändigini belledi. Döwlet Baştutany täze kitabyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geljek 30 ýyly üçin kesgitlenen belent maksatlara üstünlikli ýetmekde halkymyza ruhy goldaw berjekdigine ynam bildirdi.


11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
13k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......