Daşary ýurtlarda bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň pasport möhletleri uzaldyldy

  • 29.04.2022 05:07
  • 44k+

Daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hereket ediş möhletleri 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary — 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda tamamlanýan Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportlarynyň hereket ediş möhletleri 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyldy.

Bu baradaky degişli Karara dünýäde ýüze çykan ýiti ýokanç keseliň pandemiýasy bilen bagly halkara gatnawlara girizilen çäklendirmeleriň netijesinde, häzirki wagtda daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow 28-nji aprelde gol çekdi.


01.12.2025 06:45
10k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar (01.12 - 07.12)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar...

29.11.2025 21:54
2.8k+

2025-nji ýylyň arheologik möwsüminiň tapyndylary Türkmenistanyň muzeý gaznalaryna tabşyryldy

26-njy noýabrda nobatdaky meýdan arheologik we ylmy işleriň netijesinde ýüze çykarylan täze tapyndylary muzeýlere tabşyrmak boýunça dabara geçirildi. Tapyndylar Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet muzeýiniň we Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznalaryna gowşuryldy...

29.11.2025 11:02
8.2k+

«Kompozitor» atly türkmen filmi «Göwher kebelek» atly Açyk Ýewraziýa kinobaýragyna mynasyp boldy

Türkmen kinoçylarynyň surata düşüren «Kompozitor» atly çeper filmi «Göwher kebelek» atly Açyk Ýewraziýa kinobaýragynyň ilkinji gowşurylyş dabarasynda «Iň gowy suratçy» ugrunda iň gowusy diýlip ykrar edildi. Dabara 27-nji noýabrda Moskwada, russiýaly režissýor Nikita Mihalkowyň «Ussahana 12» diýen ýerinde geçirildi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" neşiri habar berýär...

29.11.2025 10:00
12k+

Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl mynasybetli Aşgabatda bezeg işlerini geçirmek boýunça teklibi goldady

28-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, täze —...