"PSŽ" futbol boýunça Fransiýanyň onunjy gezek çempiony boldy

  • 24.04.2022 14:22
  • 9.6k+

«Pari Sen-Žermen» futbol kluby Fransiýanyň çempionatynyň 34-nji tapgyr duşuşygynda öz meýdançasynda «Lans» kluby bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnap, möhletinden öň milli çempionatynyň ýeňijisi bolmagy başardy. Duşuşyk şenbe güni «Stad de Frans» stadionynda geçirildi

«PSŽ-niň» düzüminde goly Lionel Messi (68-nji minut) geçirdi. «Lans» klubundan Korenten Žan (88) tapwutlandy. 
«PSŽ» 34 oýunda 78 utuk toplady. 33 oýundan soň 62 utuk bilen ikinji orunda barýan «Marsel» milli çempionatynyň çempionlygy ugrunda göreşmek üçin hatda matematiki mümkinçiliklerini hem elden gidirdi.
Pariž kluby 10-njy gezek ýurduň çempionatynda ýeňiş gazandy. Bu görkeziji babatda ol soňky gezek 1980/81 möwsümde çempion bolan «Sent-Etýeniň» rekordyny gaýtalady. «Marsel» klubunda 9 sany çempionlyk bar.


düýn 23:21
2.2k+

«Barselona» Lewandowskiden gol geçirmezligi haýyş edipdir: futbolçy sebäbini açyklady

«Barselonanyň» polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski 2022/23 möwsüminiň ahyrynda klubuň özünden gol geçirmezligi haýyş edendigini aýtdy. Bu barada ol Sport ispan gazeti bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi. Ozal bu maglumaty polşaly žurnalist Sebastýan Staşewski futbolçy baradaky kitabynda neşir edipdi...

düýn 13:42
8k+

Globe Soccer Awards-yň ýeňijileri yglan edildi: Ýamal — iň oňat hüjümçi, Dembele — ýylyň oýunçysy, Ronaldu — Ýakyn Gündogarda iň gowy

Abraýly Globe Soccer Awards baýragynyň eýeleri mälim edildi. Sylag gowşurylyş dabarasy Dubaýda (BAE) geçirildi. Bu ýyl baýraklaryň agramly bölegine «Pari Sen-Žermen» (PSŽ) toparynyň wekilleri mynasyp boldular. Fransuz kluby geçen möwsümde Çempionlar ligasyny, Fransiýanyň çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny gazandy, şeýle-de Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çenli ýetdi...

27.12.2025 20:56
11k+

“Arkadag” futbol kluby bassyr üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

Şu gün, Arkadag şäheriniň adybir topary Türkmenistanyň Kubogynyň final oýnunda “Ahal” toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Arkadag” toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandylar...

27.12.2025 10:49
6.3k+

Şu gün Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda «Arkadag» bilen «Ahal» duşuşar

Şu gün Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygynda «Arkadag» we «Ahal» futbol klublary garşylaşar. Oýun Arkadag şäheriniň stadionynda sagat 15:00-da başlanar. Duşuşyga Berdimämmet Atdyýewiň ýolbaşçylygyndaky eminler topary hyzmat eder...