Mýunheniň «Bawariýasy» yzygider onunjy gezek Germaniýanyň çempiony boldy

  • 24.04.2022 12:06
  • 5.8k+

23-nji aprelde Ýulian Nagelsmannyň şägirtleri Bundesliganyň çäklerinde Dortmundyň "Borussiýasy" bilen duşuşdylar. Duşuşygyň eýýäm birinji ýarymynda Germaniýanyň häzirki çempionlary özlerine iki gol artykmaçlyk gazandylar. Serž Gnabri bilen Robert Lewandowski tapawutlandylar. Ikinji ýarymda Emre Janyň tagallasy bilen "Borussiýa" bir gol geçirmegi başardy. Emma duşuşygyň ahyrynda oýna giren, dünýäniň iň oňat oýunçylarynyň bäşligine girýän Jamal Musiala 3-nji goly geçirip, hasaby 3:1-a çykardy.

Bu ýeňiş "Bawariýa" Germaniýanyň çempiony bolmaga mümkinçilik döretdi. Şunlukda, Mýunheniň klub yzygider onunjy gezek çempion bolup, Ýewropanyň Top-5 çempionatlarynyň rekordyny goýmagy başardy.
Turiniň "Ýuwentusynyň" hasabynda 9 ýeňiş bardy. Yzygider 7 tituly gazanmak "Liona" başardypdy we "Real" yzygider bäş gezek Ispaniýanyň çempiony bolmagyň hötdesinden gelipdi.


şu gün 12:33
319

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

düýn 18:20
3.6k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.9k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
4k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......