23-nji aprelden başlap Ysraýylda hökmany örtük geýmek düzgüni ýatyrylýar

23-nji aprelden başlap Ysraýylda hökmany örtük geýmek düzgüni ýatyrylýar

Öň habar berlişi ýaly, binalarda gorag örtüklerini hökmany geýmek düzgüniniň ýatyrylýandygy hakyndaky kararyň tassyklanandygyny we 23-nji aprelde, şenbe güni sagat 20:00-da güýje girýändigini Ysraýylyň Saglygy goraýyş ministrligi habar berýär diýip, newsru.co.il-e salgylanýan Trend habar berýär.

Şonuň bilen birlikde, edil öňküsi ýaly, gorag örtüklerini geýmek talap ediljek ýerleriň sanawy hem ýene bir gezek takyklanýar:

  • - hassahanalar, saglyk öýleri we dermanhanalar;
  • - gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini berýän guramalar;
  • - garry adamlaryň bolýan edaralary (garrylar öýleri);
  • - halkara awiagatnawlar;
  • - şeýle-de, üzňelikde saklanylýan ýerlere ugradylýan adamlar hökman örtük geýmelidirler (düzgün boýunça, koronawirusyň položitel netijesiniň alynmagy bilen bagly).

Şonuň ýaly-da, Saglygy goraýyş ministrligi töwekgel topara girýän adamlara (garrylara, immuniteti pes adamlara we ş.m.) ýapyk binalarda, aýyrmaga rugsat berlen hem bolsa, gorag örtüklerini dakynmagy maslahat berýär.

Soňky günler koronawirus bilen keselleýänleriň sanynyň artýandygyny bellemelidiris. Şeýle-de bolsa, hökümet 23-nji apreliň agşamy iki ýyllap dowam eden, binalarda we jemgyýetçilik ulaglarynda hökmany örtük geýmekligi ýatyrýar.