«Mançester Ýunaýted» Erik ten Hag bilen şertnama gol çekişdi

  • 22.04.2022 10:44
  • 5.6k+

Amsterdamyň «Aýaks» klubunyň tälimçisi 2022-nji ýylyň tomsunda «Mançester Ýunaýtede» geçer. Bu barada iňlis klubunyň metbugat gullugy yglan etdi.

Şertnama 2025-nji ýyla çenli niýetlenilip, ýene-de bir möwsüm uzaldylyp bilner. 52 ýaşly hünärmen kluba möwsümiň ahyrynda goşular.
Ten Hag «Aýaksa» 2017-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär. Kluba ýolbaşçylyk etmek bilen, ol Niderlandlaryň çempionatynda oňa iki gezek ýeňiş gazandyrdy we iki gezek milli kubogy alyp berdi.

"Biz Erike şowlulyk arzuw edýäris, sebäbi häzir onuň ünsi  "Aýaksdaky" möwsümi üstünlikli tamamlamaga gönügen we bu tomus ony "Mançester Ýunaýtedde" garşylamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys" - diýip, iňlis klubunyň sport direktory Jon Merto aýtdy.  

«MÝ» Iňlis premýer-ligasynda altynjy orny eýeleýär, topar 54 bal gazandy. Öňde barýan "Mançester Sitiden" 23 bal yza galýar.


şu gün 12:06
0

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

düýn 19:46
6k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

düýn 19:25
4.3k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....

düýn 19:24
2.1k+

Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol......