WhatsApp-da täze funksiýa peýda boldy

  • 20.04.2022 14:11
  • 9.2k+

WhatsApp-yň administrasiýasy serwise göni programmanyň özünde messenjeriň dilini üýtgetmek mümkinçiligini girizdi. Bu barada WABetaInfo portaly ýazýar.

Munuň üçin WhatsApp-yň sazlamalaryna geçip, “programmanyň dili” bölümine girmeli we zerur dili saýlamaly. Öň, bu funksiýa Hindistan ýaly käbir ýurtlaryň diňe beta-synagçylary üçin elýeterlidi. 
Häzirki wagtda messenjeriň sazlamalarynda programmanyň dilini üýtgetmek ähli ýurtlaryň beta-synagçylary üçin elýeterlidir. WhatsApp-yň ähli ulanyjylarynyň bu mümkinçilikden haçan peýdalanyp biljekdigi heniz belli däl.

şu gün 09:26
1k+

Aşgabatda awtobuslaryň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgediler

Aşgabat şäheriniň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň gatnaw ýygylygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny 9-12-nji dekabr aralygynda Garaşsyzlyk, Bitarap Türkmenistan we Türkmenbaşy şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklendiriler...

şu gün 09:07
521

Tarantino XXI asyryň iň gowy filmlerini aýtdy. Sanawyň başynda – «Gara gyrgy»

Režissýor Kwentin Tarantino XXI asyryň iň gowy ýigrimi filminden ybarat sanawyny hödürledi. Ol bu reýtingi bilen «The Bret Easton Ellis Podcast» podkastynda paýlaşdy. Häzirki döwrüň iň meşhur režissýorlarynyň biri özünde güýçli täsir galdyran filmleri sanap geçdi we olary saýlamagynyň sebäbini jikme-jik düşündirdi...

düýn 23:46
1.4k+

YouTube-da indi ulanyjylar gören wideolary barada ýyllyk hasabat bilen tanşyp biler

YouTube öz taryhynda ilkinji gezek şahsylaşdyrylan ýyllyk hasabaty döretdi. Ol ulanyjynyň bir ýylyň dowamynda tomaşa eden wideolaryny görkezýär. Ozal YouTube Music-de Recap aýdym-saz statistikasy bardy, indi bolsa kontentiň ähli görnüşleri üçin umumy YouTube Recap peýda boldy...

düýn 15:53
1.1k+

Nýu-Ýorkda ýylyň iň gowy kino taslamalaryna Gotham Awards baýraklary gowşuryldy

Nýu-Ýorkda geçirilen 35-nji Gotham Awards dabarasynda baýragyň laureatlary yglan edildi diýip, Variety habar berýär. Şu ýyl kino baýragynyň esasy eýesi eýranly režissýor Jafar Panahiniň «Ýönekeý bir tötänlik» dramasy boldy...