Çempionlar ligasy: «Liwerpul» ýarym finalda «Willareal» bilen duşuşar

  • 14.04.2022 06:15
  • 8.1k+

Çempionlar ligasynyň çärýek final duşuşygynda iňlisleriň «Liwerpuly» portugallaryň «Benfikasy» bilen deňme-deňlikde oýnady. Iki oýnuň netijesi boýunça ýaryşy «Liwerpul» dowam eder.

Liwerpulda «Enfild» stadionynda geçirilen duşuşyk 3:3 hasabynda tamamlandy.
Birinji oýunda mersisaýdlylar myhmançylykda 3:1 hasabynda ýeňiş gazanypdylar. Ýarym finalda «Liwerpul» nemesleriň «Bawariýasyny» ýaryşdan çykaran «Willareal» bilen duşuşar.
«Liwerpul» taryhynda alty gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy we üç gezek finalda utuldy. Soňky gezek mersisaýdlylar 2019-njy ýylda Çempionlar ligasynyň çempiony bolmagy başarypdylar.


düýn 13:03
11k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
8.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
5.8k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

16.06.2026 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....